Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan 15-inde günäli bilneni asdy


Pakistan 9-njy iýunda, adam hukuklary toparlarynyň we Birleşen Milletler Guramasynyň protestlerine garamazdan, 15 ýaşynda adam öldürendigi üçin ölüme höküm edilen adamy asdy.

Aftaf Bahadur Masih 1992-nji ýylda üç adamy öldürendigi üçin ölüme höküm edildi.

Emma «Repriýeve», «Soňa goýma» atly hukuk topary Bahadur bilen baglanyşykly şaýatlaryň ikisiniň gynalandyklaryny aýdyp, beren görkezmelerini yzyna alandygyny aýtdy.

Bahaduryň aklawçylary hem öz müşderileriniň gynalyp, etmedik jenaýatyny boýun almaga mejbur edilendigini aýdýarlar. Gynag astynda alnan görkezme kanuny hasaplanmaýar.

XS
SM
MD
LG