Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG Özbegistany gynagy bes etmäge çagyrýar


BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-mun 12-nji iýunda Özbegistanyň prezidenti Yslam Kerimowy gowaça meýdanlarynda mejbury zähmeti bes etmäge, tussaglara çemeleşmegiň gowulandyrylmagyna çagyrdy.

Kerimowyň awtoritar dolandyryşy astynda, Merkezi Aziýanyň iň köp ilatly ýurdy 1989-njy ýyldan bäri durnukly ykdysady ösüş gazandy, emma Günbatar tarapyndan başga pikirlileri basyp ýatyrmakda we esasy hukuklary basgylamakda tankyt edildi.

"Prezident Kerimow kanunyň hökmürowanlygynyň ähmiýetini nygtady. Emma kitaplardaky, kagyz ýüzündäki kanunlar hakykat ýüzünde, adamlaryň durmuşyna laýyk bolmaly» diýip, Ban Daşkentde Kerimow bilen duşuşandan soň žurnalistlere aýtdy.

Ban Ki-mun bu ýurda Merkezi Aziýanyň bäş ýurduna edýän saparynyň çäginde bardy.

«Özbegistan pagta pudagynda çaga zähmetini ulanmagy bes etmekde möhüm progres gazandy, indi mugallymlary, doktorlary we beýlekileri pagta ýygmaga sürmegi bes etmekde köp iş etmeli, tussaglara ýowuz daralaşynyň öňüni almaly» diýip, ol aýtdy.

XS
SM
MD
LG