Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

AI: Bosgunlar syýasaty zerur


Siriýaly bosgunlar Türkiýäniň serhedinde, 10-njy iýun, 2015

“Amnesty International” guramasy dünýä liderlerini bosgunlar syýasatyna gaýtadan seretmäge we krizis boýunça düýpli global strategiýasyny işläp düzmäge çagyrýar.

Guramanyň 15-nji iýunda çap eden hasabatynda dünýä ýurtlarynyň ýolbaşçylarynyň millionlarça bosguny “çydamsyz ýagdaýda” taşlandygy we ýönekeý ynsanperwer ýardamy berilmezden müňlerçesiniň ölümine ýol berendigi aýdylýar.

Hasabatda 4 million adamyň Siriýany terk edip, Türkiýede, Liwanda, Iordaniýada, Yrakda we Müsürde garyplykda ýaşaýandygy aýdylýar.

Gurmanyň baş sekretary Salil Şetty bosgunlar krizisini 21-nji asyryň kesgitleýji meselesi, diýip atlandyrdy bu ýagdaýda halkara derejesinde jogapkärçilik çekmäge çagyrdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG