Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Eýrana ýadro geçmişiňi aç diýmeýär


ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri 16-njy iýunda Waşington indi, Tähran bilen ýadro şertnamasynyň bir bölegi hökmünde, Eýranyň geçmişdäki ýadro işjeňliklerini doly açmagy talap etmez diýdi.

«Biz olaryň näme edenini bilýäris, bizde şübhe ýok. Biz olaryň belli bir harby işjeňlige baş goşanyndan habarly» diýip, Kerri Bostondan telekonferensiýa arkaly eden çykyşynda aýtdy.

Baglaşyljak bolýan ylalaşygyň tankytçylary Eýranyň geçmişde eden harby işlerine düýpli üns berýärler.

Olar munuň diňe aýdyňlygyň hatyrasyna edilmeli däldigini, eýsem ABŞ adminstrasiýasynyň uzak wagt talap edişi ýaly, Tähranyň ozalky ýadro işleri boýunça doly hasabat bermelidigini aýdýarlar.

Emma Kerri geçen geçdi, ýadro ylalaşygy Eýranyň geljekde ýadro ýaragyny edinmek işlerine baş goşmagynyň öňüni almaga gönükdirilen diýdi.

XS
SM
MD
LG