Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

«Talyban» YD-a duýduryş berýär


«Talyban» sişenbe güni «Yslam döwleti» toparynyň liderine Owganystanda parallel pitne urşuny alyp barmazlyk barada duýduryş berdi.

«Yslam döwleti» toparynyň lideri Abu Bakr al-Bagdadynyň adresine iberilen hatda «Talyban» amerikanlara garşy jyhadyň bir baýdak we bir ýolbaşçylyk astynda alnyp barylmalydygy aýdylýar.

“Yslam emirligi, ýagny Talyban žyhat hatarlarynyň köpelmegi ne jyhad, ne-de musulmanlar üçin peýdaly diýip hasaplaýar» diýip, «Talyban» lideriniň orunbasary Molla Ahtar Muhammad Mansur tarapyndan gol çekilen hatda aýdylýar.

Şeýle-de hatda «Yslam döwleti» toparynyň uzak aralykdan gelýän kararlarynyň Yslam emirligini gaýtargy bermäge mejbur etjekdigi aýdylýar.

Emma «Talybanyň» websaýtynda dört dilde çap edilen hatda bu gaýtargynyň nämeden ybarat boljagy barada anyk bir zat aýdylmaýar.

XS
SM
MD
LG