Günorta Karolinada, Çarlston ybadathanasynda 9 sany garaýagyz dindary atyp öldürmekde günälenen ýaragly adam ilki kolleže hüjüm etmekçi bolupdyr.
Dilan Rufuň garaýagyz goňşusy amerikan mediasyna onuň golaýda bolan içişlikde Çarlston kolležine hüjüm etmek barada gürrüň edendigini aýtdy.
Ruf 19-njy iýunda sud diňlenişigine getirildi we sud onuň girewsiz saklanmagyny buýurdy.
17-nji iýunda afrikan-amerikan ybadathanasyna edilen hüjüm soňky wagtlarda polisiýanyň garaýagyz ýaragsyz adamlary öldürmeginiň garşysyna guralan köpçülikleýin protestleriň yz ýanyna gabat geldi.
Menä düýnki reýs bilen bir garyndaşymy konsullykdan birine bilediň daşyndan 600$ berip getirtdim. Aşgabatdan çözjek bolsaň 3000$ soraýalar, ýöne aňryň konsullugyna çyksaň bärräk bolýan ekeni.