Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Talyban” owgan parlamentine hüjüm etdi


“Talyban” owgan parlamentine hüjüm etdi
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:37 0:00

“Talyban” owgan parlamentine hüjüm etdi

“Talyban” toparyna girýän janyndan geçen jeňçiler şu gün, ýagny 22-nji iýunda Owgan parlamentine hüjüm etdiler. Bu hüjüm zerarly parahat ilatdan azyndan 18 adamynyň ýaralanandygy aýdylýar.

Owganystanyň howpsuzlyk güýçleri günortana deňeç jeňçileriň ählisiniň öldürilendigini we deputatlara zýyan ýetmändigini habar berdiler. Paýtagt Kabulyň howpsuzluk güýçleriniň ýolbaşçysy Abdul Rahman Rahimi bu barada şeýle maglumat berdi: “Maşynda gizlenen bomba parlamentiň gapysynyň öňünde partladyldy.

Partlamadan soň alty sany beýleki jeňçi parlament binasyna girmäge synanyşdy. Howpsuzlyk güýçlerimiz olara garşylyk görkezip, parlament binasyna girmäge ýol bermediler. Netijede söweşijileriň ählisi öldürildi”.

“Güýçli partlama

Owganystanyň paýtagty Kabulda şu gün irden bolan şol çaknyşyklar ençeme sagat dowam etdi. Ol il arasynda uly howsalanyň döremegine sebäp boldy. Kabulyň ýaşaýjylaryndan özüni Muhammad diýip tanadan biri bu bolan waka barada Azatlyk Radiosyna şeýle gürrüň berdi:

“Men irden öz işlerim bilen başagaýdym. Birden güýçli partlama boldy. Görşüňiz ýaly, şol ýerden henizem tüsse çykyp dur we ok atyşygyň sesleri eşidilýär. Biz şol ýerde näme bolup geçýänini bilemizok”.

Owganystanyň Içeri işler ministrligi söweşijilerden biriniň özüniň maşynda ýerleşdiren bombasy partlanda we beýleki altysynyň bolsa howpsuzlyk güýçleri bilen çaknyşykda heläk bolandygyny habar berdi.

Hüjümiň jogapkärçiligi

Bu hüjüm ençeme aýa çeken jedellerden we ylalaşmazlyklardan soň ahyrsoňy bu wezipä bellenen täze goranmak ministrini parlament agzalary bilen tanyşdyrmak üçin geçiriljek ýörite duşuşyk gününe gabat geldi.

“Talyban” toparynyň metbugat wekili Zubihulla Mujahid bu hüjümiň özleri tarapyndan amala aşyrlandygyny mälim edip, beýanat bilen çykyş etdi. Mundan ozal hepdäniň aýagynda Owganystanyň günorta Helment welaýatynda hem güýçli çaknyşyklar boldy.

Demirgazyk Owganystanyň Täjigistan bilen serhetleşýän Gunduz welaýatynda hem soňky iki günden bäri jeňçiler bilen ýurduň howpsuzlyk güýçleriniň arasynda güýçli çaknyşyklar barýar. Habarlardan mälim bolşuna görä, şol welaýatda jeňçiler iki etraby basyp alypdyrlar.

Bu çaknyşyklar daşary ýurt harbylarynyň uly bir böleginiň Owganystany terk etmeginiň yzysüre ýüz berdi. Demirgazyk Owganystanda soňky döwürde güýçlenen söweşlere özleriniň “Yslam döwleti” atly ýaragly topara degişlidigini aýdýan jeňçileriň hem gatnaşýandygy aýdylýar.

Şol toparyň Owganystanda hereket edýän bölüminiň, esasan, Merkezi Aziýa ýurtlaryndan bu ýere uruşmaga gelen jeňçilerden ybaratdygy aýdylýar.

XS
SM
MD
LG