Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ermeni polisiýasy güýç ulandy


Ermeni polisiýasy zor bilen protestçileri dargatdy
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:47 0:00

Ermeni polisiýasy zor bilen protestçileri dargatdy

Ermenistanyň paýtagty Ýerewanda aktiwistler ýurtda elektrik energiýasynyň bahasynyň gymmatlamagyna garşy tutuş gije dowam eden protest çäresini geçirenden soň, ermeni polisiýasy demonstrantlary yzyna serpikdirmek üçin suw pürkýän serişdeleri we güýç ulandy.

23-nji iýunda ir bilen Ermenistanyň ýörite polisiýa güýçleri ýüzlerçe protestçini dargatmak üçin hereket etdi. Gürrüňi edilýän protestçiler prezidentiň binalar toplumynyň golaýyndaky köçede dokuz sagatlap oturyp protest geçirdiler.

Protestçiler öz çäreleriniň asudadygyny nygtap, prezident Serž Sarkisiýandan ýurtda 1-nji awgustdan başlap elektrik energiýasynyň bahasyny 16% gymmatlatmak barada kabul edilen karary ýatyrmagy talap etdiler.

Polisiýa protest çäresiniň “bikanun” geçirilýändigini birnäçe gezek duýdurandan soň, operasiýa başlady.

Azatlyk Radiosynyň Ermeni gullugynyň habarçylary bu çäräniň dowamynda demonstrantlaryň käbirleriniň urlup-ýenjilendigine we kowalanandygyna, şeýle-de çaknyşyklarda ýaralanandygyna şaýat bolupdyrlar.

Ermeni polisiýasy hem, bu wakada 237 adamyň tussag edilendigini, şeýle-de, ýedi demonstrantyň we 11 polisiýa ofiseriniň ýaralanandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG