Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ermeni aktiwistleri protesti dowam etdirýär


Ermeni protestçileri polisiýa garşy durdy
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:18 0:00

Ermeni protestçileri polisiýa garşy durdy

Polisiýanyň zorlukly basyşyna garamazdan, Ýerewanyň merkezinde bu ýurtda elektrik togunyň bahasynyň gymmatlamagyna garşy protest geçirýän ermeni aktiwistleriniň sany ikinji gije has hem artdy.

23-nji iýun agşamy 7 müň çemesi protestçi Ýerewanyň Azatlyk skwerine toplanyp, prezident köşgüne tarap ýöriş etdi.

Emma protestçiler Bagramýan prospektinde polisiýa güýçleri tarapyndan durzuldy. Şondan soň olar şäheriň merkezindäki esasy ýoly bagladylar.

Öten agşam ýüzlerçe aktiwist Bagramýan prospektini hem baglady we bu ýer, polisiýa güýçleriniň göz astynda bolsa-da, barrikada gurlup, böwetlenen ýagdaýda galdy.

Demonstrantlaryň talaby

Demonstrasiýaçylar häkimiýetlerden 1 kilowat-sagat elektrik energiýasynyň bahasyny 7 drama, ýagny 0,02 sente galdyrmak baradaky kararyň ýatyrylmagyny talap edýärler. Şu ýylyň 1-nji awgustyndan Ermenistanda elektrik energiýasynyň bahasynyň 16% gymmatladylmagy baradaky karar güýje girýär.

Ermeni syýasy partiýalary protestçileriň üýşen ýeri bolan Bagramýan prospektine birnäçe kanunçykaryjyny wekil hökmünde ugradyp, dowam edýän protestlere öz reaksiýasyny bildirdiler. Olar protestçiler bilen polisiýanyň arasynda “janly” galkan döretdiler.

Ýerewan şäher polisiýasynyň başlygynyň orunbasary Waleriý Osipýan ýörişleri “bikanun” diýip häsiýetlendirdi we mundan ozalky demonstrasiýada tussag edilen aktiwistleriň ählisiniň boşadylandygyny mälim etdi.

Prezident duşuşmagy teklip edýär

Prezident Serž Sarkisiýan ýene bir gezek, protestçileriň lideri bilen duşuşyp, olaryň talaplaryny geňeşmegi teklip etdi.

Bir gün ozal, ýagny 23-nji iýunda ermeni polisiýasy Bagramýan prospektinde parahat oturyp protest geçirýän demonstrantlary dargatmak üçin suw pürkýän serişdeleri ulandy we olara polisiýa taýaklaryny ulanyp, hüjüm etdi..

Bagramýan propeskti prezident Sarkisýanyň dolandyryş edarasyndan birnäçe ýüz metr uzaklykda ýerleşýär.

Polisiýanyň bu çäresiniň dowamynda 230-dan gowrak aktiwist tussag edildi we birnäçesi hem urlup-ýenjildi.

Ermeni polisiýasynyň amala aşyran bu zorluklaryny wideoýazga alan žurnalistler hem tussag edilip, urlup-ýenjildi. Olaryň ençemesiniň iş enjamlary döwlüp, düşüren wideoýazgylary hem konfiskasiýa edildi.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň baş redaktory Nenad Peýiç protestleriň dwoamynda Azatlyk Radiosynyň žurnalistlerine we metbugat serişdeleriniň beýleki işgärlerine garşy polisiýa tarapyndan edilen ýowuzlyklara protest bildirip çykyş etdi. Ol öz çykyşynda: “Biziň kärdeşlerimiz maglumat taýýarlamak arkaly ermeni halkynyň bähbidi ugrunda hereket edip, öz wezipe borçlaryny ýerine ýetirýärdiler. Biziň işimize zorlukly çemeleşilmegini ýazgarýarys” diýdi.

Azatlyk Radiosynyň Ermeni gullugynyň başlygy Harry Tamrazýan hem ermeni polisiýasynyň hereketlerini ýazgaryp, “Bu ýowuz we kabul edip bolmajak hüjümdir” diýdi.

XS
SM
MD
LG