Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Konstitusiýa girizilen üýtgetmeler

Türkmenistanda “Konstitusiýany kämilleşdirmek we halkara standartlaryna laýyk getirmek maksady bilen” diýlip degişli reformalary geçirmek üçin şu ýylyň maý aýynda ýörite Konstitusion komissiýasy öz işine başlady. 1992-nji ýylyň 18-nji maýynda Türkmenistanyň Konstitusiýasy kabul edileni bäri, oňa bäş gezek üýtgetme girizildi. Aşakdaky infografikde Türkmenistanyň Konstitusiýasyna girizilen şol bäş üýtgetme barada maglumat berilýär. Suratdaky maglumaty okamak üçin suratyň üstüne basyň.

1995-nji ýylda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň:
a) 1-nji maddasyna Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk statusyny ykrar edýän üýtgetme girizildi;
b) 6-njy maddasyna Türkmenistanyň daşary syýasatda hemişelik pozitiw bitaraplyk prinsipinden ugur alýandygyny, harby bloklara hem soýuzlara gatnaşmaýandygyny ykrar edýän sözlemler goşuldy;
1999-njy ýylda:
a) Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 20-nji maddasyna Türkmenistanda ölüm jezasynyň doly ýatyrylandygy hem-de hemişelik gadagan edilendigi barada goşmaçalar girizilýär;
b) prezidentlige kandidatyň ýaşynyň ýokarky derejesini 70 ýaş bilen çäklendirýän goşmaça Konstitusiýanyň 55-nji maddasyna girizilýär;
w) Konstitusiýanyň 55-nji maddasyndaky «…Şol bir adam yzly-yzyna iki möhletden artyk prezident bolup bilmez» diýen konstitusion norma Konstitusiýadan düşürilýär;
g) 1999 ýylyň dekabr aýynyň 28-ne Halk Maslahatynyň karary bilen Saparmyrat Nyýazowa döwlet ýolbaşçysynyň wezipelerine çäklendirilmedik möhlet bilen amal etmäge hukuk berýän Türkmenistanyň Konstitusion Kanuny kabul edilýär.
2003-nji ýylda Halk Maslahatynyň ygtyýarlyklarynyň sanawyna «aýry-aýry etmişli herkeketleri Watana dönüklik hereketleri diýip ykrar etmek, şeýle hereketleri etmekde günäli bilnip iş kesilenleri Watan dönügi diýip yglan etmek we olara aýratyn jeza çäresi bolan azatlykdan ömürlik mahrum etmek jeza çäresini ulanmaga ygtyýar bermek meselesini çözmek» -- Konstitusiýanyň 48-nji maddasynyň 9-njy bölegi – ygtyýarlygy goşuldy.
2006-njy ýylyň dekabrynyň 26-syna Konstitusiýanyň 60-njy maddasyna üýtgetme girizilip, prezident haýsydyr bir sebäbe görä öz borçlaryny ýerine ýetirip bilmeýän bolsa, onda täze prezident saýlanýança onuň ygtyýarlary öňki ýaly Mejlisiň başlygyna däl-de Döwlet Howpsuzlyk Sowetiniň karary esasynda Prezidentiň borçlaryny wagtlaýyn ýerine ýetiriji edilip bellenen Ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasaryna berilýär.
2008-nji ýylda Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler hem goşmaçalar girizilip, Konstitusiýanyň täze redaksiýasy kabul edilýär. Konstitusiýanyň täze redaksiýasyna laýyklykda:
a) Türkmenistanyň Halk Maslahaty dargadylýar;
b) halk wekilleri öz ygtyýarlyklaryny ýitirýärler;
w) welaýatlarda, welaýat hukukly şäherlerde, etraplarda, etrap hukukly şäherlerde täze wekilçilikli organlar – halk maslahatlary döredilýär – 78-nji madda;
g) Mejlisiň deputatlarynyň sany 125-e ýetirilýär – 60-njy madda;
1995
1999
2003
2006
2008
XS
SM
MD
LG