Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýadro gepleşikleri bir hepde soňa uzaldyldy


Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Jon Kerri (çepde) we Eýranyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarif. 30-njy iýun, 2015 ý.
Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Jon Kerri (çepde) we Eýranyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarif. 30-njy iýun, 2015 ý.

Eýran we dünýäniň iň kuwwatly alty ýurdy Tähranyň ýadro programmasy boýunça hemmetaraplaýyn ylalaşyga gelmek üçin 7-nji iýula çenli wagt möhletini bellediler.

Bu barada Eýran, Britaniýa, Hytaý, Fransiýa, Germaniýa, Russiýa we Birleşen Ştatlar ýadro gepleşiklerini belli bir netije bilen jemlemek üçin 30-njy iýuna çenli goýlan soňky wagt möhleti dolmazdan öň ylalaşdylar.

Araçylar Eýrana garşy girizilen sanksiýalary gowşatmak şerti bilen, Tähranyň ýadro programmasyny jylawlamak boýunça ylalaşygy gelmegiň üstünde işleýärler.

30-njy iýunda Wenada geçirilen gepleşiklere Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Jon Kerri, Eýranyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarif we olaryň rus kärdeşi Sergeý Lawrow we beýlekiler gatnaşdylar.

“Käbir soraglar saklanyp galýar, olaryň aglabasy tehniki däl-de, prosedura meseleleri bilen baglanyşyklydyr” diýip, Lawrow Kerri bilen geçiren duşuşygyndan soň belledi.

XS
SM
MD
LG