Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet Baltika garaşsyzylygyny 'derňeýär'


Litwanyň prezidenti Daliýa Gribauskaýte
Litwanyň prezidenti Daliýa Gribauskaýte

Orsýetiň Baş prokuraturasy 1991-nji ýylda Baltika döwletlerine Sowet Soýuzyndan garaşsyzlyk berilmeginiň kanunylygyna ýa däldigine gaýtadan seredilýändigini aýdýar.

Orsýetiň Baş prokuraturasy geçen ýyl Krymyň 1954-nji ýylda Ukraina berilmeginiň bikanun bolandygy barada karar çykaryp, Sowet Soýuzynyň ozalky üç döwletini, Latwiýany, Litwany we Estoniýany howsala salypdy.

Bu ýagdaý Litwanyň prezidenti Daliýa Gribauskaýtäniň gazaply reaksiýasyna sebäp boldy.

«Bize haýbat atmaga hiç kimiň haky ýokdur, biz öz garaşsyzlygymyzy litwa halkynyň döken gany we beren pidalary arkaly gazandyk» diýip, ol aýtdy.

Orsýetiň köpçülikdäki «Bütewi Orsýet» partiýasyndan saýlanan iki deputat özleriniň prokuratura ýazan şikaýat arzalarynda Sowet Soýuzynyň Döwlet geňeşiniň Estoniýa, Latwiýa we Litwa garaşsyzlyk bermeginiň kanun esasynda däl-de, düzgünden çykylyp edilen iş bolandygyny öňe sürdiler.

Şikaýat eden rus deputatlary bu kararlaryň ýurda ullakan zyýan ýetirendigini we şu sebäpden olaryň «döwlete dönüklik» hökmünde häsiýetlendirilmelidigini aýdýarlar.

Baş prokuraturanyň sözçüsiniň aýtmagyna görä, bu kararlara deputatlaryň talaby astynda, şol bir wagtda rus kanunçylygyna görä gaýtadan seredilýär.

Litwa 1990-njy ýylda öz garaşsyzlygyny jar eden ilkinji ýurt bolupdy we onuň yzysüre Estoniýa, Latwiýa hem garaşsyzlyklaryny jar edipdi. Sowet Soýuzynyň öňki prezidenti Mihail Gorbaçew tarapyndan başlyklyk edilen Döwlet geňeşi 1991-nji ýylda olaryň garaşsyzylygyny ykrar edipdi.

"Manysyz hereket"

Litwanyň ýolbaşçylary bu karara gaýtadan seredilmegine gaharly reaksiýa bildirdiler.

«Men bu manysyz hereketiň togtadylmagyna umyt baglaýaryn» diýip, daşary işler ministri Linas Linkewiçus aýtdy we ony “prowakasiýa” diýip atlandyrdy.

Bu inisiatiwa Orsýetde känbir üns berilmezligi-de mümkin, sebäbi ýurduň ýokary derejeli resmileriniň käbiri oňa ynamsyz garaýan ýaly görünýär.

«Men bu derňew barada hiç zat eşitmedim» diýip, Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Wenada žurnalistlere aýtdy. «Men biziň bu Baltika ýurtlary bilen diplomatiki gatnaşyklarymyzyň we döwletara şertnamalarymyzyň bardygyny bilýärin» diýip, Lawrow sözüniň üstüni ýetirdi.

«Interfaks» habar gullugy baş prokuraturadaky anonim bir çeşmä salgylanyp, eger-de Döwlet geňeşiniň Baltika döwletlerine garaşsyzlyk bermegi bikanun diýlip tapylan ýagdaýynda hem, munuň kanuny netijesiniň bolmajagyny, sebäbi Orsýetde ol karary üýtgeder ýaly mehanizmiň ýokdugyny ýazýar.

«Interfaksyň» çeşmesiniň aýtmagyna görä, bu şu günki reallyklar, şol sanda Baltika ýurtlarynyň NATO agzalygy hem-de Pentagonyň golaýda ýüzlerçe söweş tankyny, beýleki ýaraglary we 5 müň çemesi esgeri bu sebitde ýerleşdirmek baradaky karary bilen baglylykda, «syýasy mesele» bolup durýar.

Emma muňa garamazdan, rus deputatlarynyň gozgaýan meselesi, hususan-da Orsýetiň Krymy anneksiýa etmegi we gündogar Ukrainadaky separatistlere goldaw bermegi bilen, hopukdyryjy soraglary döredýär.

Açygy, Moskwadaky deputatlar Berlin diwary ýykylandan soň dörän täze dünýä düzgünlerini sorag astyna salmakda barha kän erjellik görkezýärler. Orsýetde taryhy faktlary sorag astyna salýan birnäçe kanun taslamasy taýýarlandy.

Kanun çykaryjylar geçen ýyl prokurorlardan Gorbaçew tarapyndan kabul edilen we Sowet Soýuzynyň dargamagyna getiren kararlara seretmegi soradylar.

Iňlisçeden terjime eden Ýowşan Annagurban.

XS
SM
MD
LG