Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ermenistan rus firmasyna jerime saldy


Ermenistan Orsýet firmasynyň eýeçiligindäki elektrik kärhanasyna 126 müň dollar jerime saldy.

Ýerewanyň döwlet düzgünleşdirijileriniň sözlerine görä, bu firma sarp edijileriň hukuklaryny bozupdyr.

8-nji iýulda Ermenistanyň elektrik kärhanasyna garşy görlen çäre Ýerewanda we beýleki ermeni şäherlerinde toguň 17 prosente golaý gymmatladyljagy zerarly guralýan protestlere gabat geldi.

Elektrik kompaniýasynyň işiniň nädogry dolandyrylýandygy barada ýaýran habarlar bilen bilelikde, ermenileriň köpüsi özlerini korrupsiýanyň we rus oligarhlarynyň pidasy hasaplaýarlar.

XS
SM
MD
LG