Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Zarif ýadro ylalaşygy 'deňagramly' diýdi


Eýranyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarif, Tähran, 21-nji iýul, 2015
Eýranyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarif, Tähran, 21-nji iýul, 2015

Eýranyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarif kanun çykaryjylara eden ýüzlenmesinde ýurduň ýadro programmasy boýunça dünýäniň täsirli ýurtlary bilen baglaşylan ylalaşygyny goldady we ony “deňagramly” diýip atlandyrdy.

14-nji iýulda Wenada gelnen ylalaşykda Eýrana garşy sanksiýalaryň yzygiderli ýatyrylmagy, Tähranyň bolsa öz ýadro programmasyny uzakmöhletleýin çäklendirmegi göz öňünde tutulýar.

Biz ylalaşyk tutuşlugyna Eýranyň bähbidine diýmeýäris”, diýip Eýran tarapyndan gepleşikleri alyp baran Zarif konserwatorlaryň köpçüligindäki parlamentde 21-nji iýulda eden çykyşynda aýtdy. “Islendik gepleşik almakdan we bermekden ybaratdyr, diýip Zarif belledi.

Eýranyň baş ruhanysy Aýatolla Ali Hamenei ýurduň ähli bähbitlerine kepil geçmek üçin ylalaşygyň jikme-jik öwrenilmelidigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG