Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dissidentiň gyzy ýurtdan goýberilmeýär


Norwegiýada ýaşaýan türkmen professory Pirimguly Taňrygulyýewiň gyzynyň we agtyklarynyň ýurtdan çykmagyna gadaganlyk girizildi.

Adam hukuklaryny goraýan «Memorial» guramasynyň 25-nji iýulda Moskwadan ýaýradan maglumatyna görä, türkmen dissidentiniň gyzy we agtyklary 22-nji iýulda Aşgabat aerportunda Stambula barýan uçardan düşürilipdir.

Şeýle-de habarda Taňrygulywiň gyzy Aýjemal Rejebowanyň (41 ýaşynda), agtyklary Aýlaryň (11 ýaşynda) we Aýnuryň (3 ýaşynda) pasportlaryna ýurtdan çykmagyň gadagan edilendigi barada möhür basylandygy aýdylýar.

«Memorial» guramasy türkmen parlamentiniň ozalky deputaty Pirimguly Taňrygulyýewiň Aşgabatda ýaşaýan gyzynyň we giýewsiniň 1999-njy ýylda işden boşadylandygyny hem şondan bäri gözegçilik astynda saklanýandygyny ýazýar.

XS
SM
MD
LG