Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Komitet bilen "söhbetdeşligiň" netijeleri


Türkmenistan. Polisiýa saklanan raýaty soraga alyp barýar.

Daşary ýurtlarda okaýan, işleýän türkmenistanlylar, tomusky dynç alyş möwsüminiň başlanmagy bilen, mümkinçilikleri bolsa, ata watanlaryna, eziz adamlaryny görmäge, dogan-garyndaşlarynyň ýanyna, Türkmenistana dolanýarlar.

Emma, gelip gowuşýan habarlardan çen tutulsa, olary dogan-garyndaşlaryndan öňürti, has «gadyrly» garşy almaga howlukýanlar hem bar ýaly.

Azatlyk radiosynyň «Dünýä türkmenleri» gepleşiginiň nobatdaky sany şu meselä, ýagny daşary ýurtlardan watana dolanýan türkmenistanlylary Aşgabat aeportunda «gadyrly» garşylaýan howpsuzlyk işgärleriniň iş usullaryna, olary gyzyklandyrýan meselelere, «komitet söhbetdeşlikleri» diýilýäniň raýatlara ýetirýän täsirine we olarda galdyrýan pikirlerine bagyşlandy.

Bu gepleşigi diňläp, Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň işgärleri bilen bagly tejribeleriňizi ýa-da olaryň iş usullary baradaky pikir-garaýyşlaryňyzy paýlaşsaňyz, hoşal bolarys.

Komitet bilen "söhbetdeşligiň" netijeleri
please wait

No media source currently available

0:00 0:10:00 0:00

Teswirleri gör (2)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG