Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Assad esger ýetmezçiligini boýun alýar


Assad telewideniýede berlen sözünde «goşunyň adam serişdeleri ýetmeýär" diýdi.
Assad telewideniýede berlen sözünde «goşunyň adam serişdeleri ýetmeýär" diýdi.

Siriýanyň prezidenti Başar Assad 26-njy iýulda Siriýanyň goşunynyň adam güýçleriniň ýetmezçilik edýändigini boýun aldy we dowam edýän raýat urşunyň käbir ýerlerinde yza çekilmelidigini öňe sürdi.

Emma muňa garamazdan, Assad goşunyň ýurdy goramaga ukyplydygyny aýtdy we uruşda ýeňiş gazanmagy wada berdi.

Assad telewideniýede berlen sözünde «goşunyň adam serişdeleri ýetmeýär", emma bu biziň ýan berjekdigimizi aňlatmaýar diýdi.

Ol käbir ýerlerde ýaşaýjylaryň ellerine ýarag alyp, goşuna kömege gelendigini, munuň söweşe aýgytly täsir ýetirendigini aýtdy.

Ýaş adamlaryň ýetmezçiligi Siriýany döwlet kontrollugyndaky welaýatlarda ygrarly milisiýa toparlaryna bil baglamaga iterdi.

Regulýar goşunyň esgerleriniň sany, Siriýanyň Britaniýadaky Adam hukuklary obserwatoriýasynyň maglumatyna görä, uruşdan öň 350 müň bolanlygyndan kesgin azalyp, 200 müňe düşdi.

Assad goşunyň, harby taýdan öňde tutulmaly ýerler sebäpli, käbir ýerlerden çekilmelidigini aýtdy.

Ol biziň ýaragly güýçlerimiziň durmaly aýgytly ýerlerini kesgitlemek zerur, öz esgerlerimiz baradaky alada bizi käbir ýerleri taşlamaga mejbur edýär diýdi.

Assada tarapdar güýçler soňky aýlarda demirgazyk-günbatar welaýat bolan Idlibiň, gadymy şäher Palmyranyň köp ýerinden gysylyp çykaryldy.

"Biziň öz ygrarlylygymyzy görkezmek isleýän ýerlerimiz bar, emma goşun ýurduň hemme ýerinde bolup bilmeýär» diýip, Assad aýtdy.

Goşunyň hatarlaryny güýçlendirmek maksady bilen, Assad 25-nji iýulda goşun gaçgaklaryna, hökmany harby gulluk düzgünini bozanlara amnistiýa yglan etdi.

Şeýle-de Assad, ýurtdaky raýat urşuny soňlamak üçin, hatda ol krizisi çözmäge çäkli täsir ýetirse-de, islendik syýasy dialogy goldaýandygyny aýtdy.

Emma ol «terrorçylyga» garşy göreşi öz içine almaýan islendik inisiatiwa manysyz bolar diýdi.

Siriýadaky konflikt 2011-nji ýylyň martynda hökümete garşy protestler bilen başlandy, emma režimiň gazaply basyp ýatyrmasyndan soň raýat urşuna öwrüldi.

Assada garşy durýan aram pitneçiler hem bar, emma ýurtdaky ekstremist toparlar has täsirli güýje aýlandy.
Olar Siriýada we goňşy Yrakda uly territoriýany eýeleýän «Yslam döwleti» ekstremist toparyny hem öz içine alýar.

Siriýada konflikt başlanaly bäri 230 müňden gowrak adam öldürildi.

Iňlisçeden türkmençä geçiren Ýowşan Annagurban.

XS
SM
MD
LG