Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Donetsk: ÝHHG-nyň maşynlary otlandy


Öten agşam gündogar Ukrainanyň Donetsk sebitinde ÝHHG-nyň ýörite gözegçilik missiýasyna degişli dört bronly maşyn weýran edildi.

Missiýanyň 9-njy awgustda twitterde ýerleşdiren habarynda aýdylmagyna görä, Missiýanyň Donetskdäki rezidensiýasyndaky maşynlar görnetin ýangyn hüjümi netijesinde weýran edilipdir.

Twitter habarynda basym goşmaça maglumatlaryň hem beriljekdigi aýdylýar.

Ýörite gözegçilik missiýasy 7-nji awgustda Donetsk aeroportunda we onuň töwereginde ýaraşyk şertleriniň bozulmagynyň «göz-görtele ýokarlanandygyny» habar beripdi.

XS
SM
MD
LG