Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Alymlar Aşgabatdan rugsat almaly edilýär


Türkmenistanda bolan daşary ýurt alymlary öz makalalarynda we ylmy işlerinde türkmen taryhy, medeniýeti we durmuşy barada aýdýan pikirleri üçin resmi tassyknama almaly bolar.

Prezident G.Berdimuhamedow anna güni geçiren hökümet maslahatynda daşary ýurtly alymlaryň ýurda gelip, ylmy işler bilen meşgullanmagynyň bir tarapdan gowudygyny, emma olaryň ylmy işlerinde we makalalarynda käte öz şahsy garaýyşlaryny beýan edýändiklerini aýtdy.

Prezidentiň pikirine görä, ol hili şahsy garaýyşlar käbir halatlarda Türkmenistanda umumy kabul edilen taglymata we garaýyşlara laýyk gelmeýär. Şu sebäpden, indiden eýläk, daşary ýurt alymlarynyň Türkmenistanda alyp baran ylmy-barlag işlerinde gelen netijeleri Medeniýet ministrliginde ýa-da Ylymlar akademiýasynda alymlaryň mejlislerinde, Türkmenistanyň degişli netijenamasy bilen resmileşdirilmeli diýip, döwlet baştutany aýtdy.

Daşary ýurtly alymlar Türkmenistanyň baý medeni mirasy we taryhy baradaky ylmy işlerini diňe şeýle resmi tassyknamadan soň neşir edip bilerler diýip, prezident belledi.

XS
SM
MD
LG