Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bu-da meşhur "Pink Floýdyň" soňy


Köpsanly sungat hünärmenleriniň öňe sürmegine görä "Pink Floýd" topary indi dargady.

Dawid Gilmouryň tassyklaýşy ýaly, geçen ýyl 1994-nji ýyldan bäri ilkinji gezek "The Endless River" (Üznüzksiz akan derýa) albomynyň ýazgysy üçin bir ýere jemlenen toparyň agzalary indi mundan beýläk jemlenmezler.

Gilmour "Classic Music" žurnaly bilen geçiren söhbetdeşliginde "Höwesim galmady, indi bes etmeli. Men 48 ýyldan bäri "Pink Floýd" toparynda. Elbetde, dogry, owalky ýyllaryň birnäçesini Roger (Waters) bilenem geçiripdim..." diýipdir.

"Biziň ýaşlyk döwrümizde aýdym-saz sungatyndakylaryň ýüzden 95 göterimi döredijilik bilen meşgullanýardy. Ol ýyllar hemişe şadyýanlykdy we gülüp ýörmelidi. Men hiç haçan şeýle uzak döredijilik döwrüne, ýüzden bäş göterimem bolsa, başga äheňiň goşulmagyny islemeýärin. Indi bolan boldy, geçen geçdi. Höwesim galmady. Mundan beýläk edilen işleri gaýtalamaga synanyşmak hakykata gabat gelmez".

"Pink Floýd" topary, 1972 ý.

Gilmour geçen ýyl BBC-ä beren interwýusynda hem şeýle diýipdir: "The Endless River" albomy halk köpçüligine tanadylandan soň "Bu biziň edip biljek ahyrky sowgadymyzdyr".

Onuň beren maglumatyna görä, "Pink Floýd" toparynyň 2008-nji ýylda aradan çykan sintezatorçysy Rick Wright bolmazdan, toparyň çykyş etmegi oňaýly görlenok. Toparyň operatory we esasy wokalçysy Syd Barrett hem 2006-njy ýylda aradan çykypdyr. Ol bu topardan 1968-nji ýylda aýrylan ekeni.

Gilmour öz pikirini şeýle jemleýär: "Men hiç haçan yzyma dolanmak islemeýärin... Men "Pink Floýdyň" baýdagynyň astynda stadionlarda konsert bermek islemeýärin. Meniň näme edip, näme etmeli däldigim öz ygtyýarymda. Elbetde, men şunam kabul edýärin, ýagny meşhur "Pink Floýd" toparyny täzeden görmek isleýän adamlaram bar. Emma, bagyşlaň, men şeýle jogapkärçiligi öz üstüme alyp biljek däl".

Gilmouryň "Rattle That Lock" (Ol gapynyň tutawajyny tarkyldat) atly solo albomy 18-nji sentýabrda çykar.

XS
SM
MD
LG