Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýa: 'YD' gadymy buthanany ýumurdy


Gadymy katolik buthanasy Mar Elian, Siriýanyň Al-Karyatain
Gadymy katolik buthanasy Mar Elian, Siriýanyň Al-Karyatain

“Yslam döwleti” toparynyň söweşijileriniň Siriýanyň merkezindäki şäherde gadymy buthanany we ybadathanany ýumurandygy habar berilýär.

“YD” toparynyň söweşijileri Homs regionynda Al-Karyatain şäheriniň golaýynda bäşinji asyra degişli Mar Elian buthanasynyň ýumrulyşyny görkezýän wideony 21-nji awgustda sosial media arkaly ýaýratdylar.

“YD” toparynyň söweşijileri şäheri 5-nji awgustda basyp aldylar we 230 çemesi adamy, şol sanda hristianlary ogurladylar.

Ogurlanan adamlardan 50-si soň boşadyldy, 100-den gowragy bolsa “YD" toparynyň galasy hasaplanýan Raka regionyna äkidildi.

“YD” topary Siriýanyň we Yragyň böleklerini basyp alaly bäri söweşijiler şaýy metjitleriniň, hristian kiliseleriniň, meşhur musulmanlaryň we hristianlaryň heýkelleriniň, diňleriň ençemesini we arheologik ýerleri ýumurdylar.

XS
SM
MD
LG