Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyz prezidenti ABŞ saparyny ýatyrdy


Gyrgyzystanyň prezidenti Almazbek Atambaýew
Gyrgyzystanyň prezidenti Almazbek Atambaýew

Gyrgyzystanyň prezidenti Almazbek Atambaýew sentýabr aýynyň aýagyna ABŞ planlaşdyrylan saparyny ýatyrdy.

Prezidentiň metbugat-wekili Almaz Usenowyň 27-nji awgustda AÝ/AR-na aýtmagyna görä, sapar 4-nji oktýabra bellenen parlament saýlawlary bilen baglylykda ýatyrylypdyr.

Atambaýew 2011-nji ýylyň dekabr aýynda döwlet başyna geçeli bäri ABŞ resmi sapar etmändi.

Oppozision kanun çykaryjy Rawşan Jeenbekow Atambaýewiň saparyny ýatyrmak kararyny tankyt etdi we munuň Orsýetiň göwnüne degmezlik üçin edilendigini aýtdy.

Moskwanyň we Waşingtonyň arasyndaky gatnaşyklar Orsýetiň geçen ýylyň mart aýynda Krymy Ukrainadan bölüp, öz düzümine goşmagynyň yzýany ýaramazlaşypdy.

Orsýetiň ýakyn ýarany Gyrgyzystan şu aýyň başynda Moskwanyň ýolbaşçylygyndaky Ýewraziýa ykdysady bileleşigine girdi.

XS
SM
MD
LG