Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täze ýoň: ulular üçin reňkleme kitaplary


Reňkleme kitaplary.
Reňkleme kitaplary.

Bu ýyl dünýäde ulular üçin "Özüň reňkle" diýilýän kitaplar ýörgünli boldy. Her gün dünýäniň kitaplar baradaky metbugat sahypalarynda ulular üçin reňkleme kitaplarynyň satuwynyň rekord goýýandygy bilen bagly habarlar çykýar.

Adamlaryň bu täze gyzyklanmasyny görkezýän ýagdaýlara Ýewropanyň aeroportlarynda, otlularynda, ýolagçylaryň düşelgelerinde ýygy-ýygydan duş gelse bolýar. Gaharjaňlary köşeşdirmek, adamlaryň şähdini açmak üçin ulularyň reňkleme kitaplaryna ürç edilip başlanandygy barada habarlar köpelýär. "Reňkleýän mahalyň stres aýrylýar we beýni pozitiw pikirlere gönükýär" diýlen bir umumy garaýyş bar.

Häzirki günlerde bu barada ýene bir täze habar gelip gowuşdy, ýagny amerikan, ýewropa, ýapon awtorlarynyň her hepdede iň azyndan iki sany reňkleme kitaplary iň köp satylan kitaplaryň sanyna goşulýar.

Şeýle kitaplaryň dürli temalara bagyşlananlary bar. Emma köplenç haýwanlar älemi, tebigat, geometriki şekiller, panoramalar, hindi hem butparazlaryň şekilleri bilen älem-jahanyň (fantastiki) suratlary ýaly temalar öňe saýlanýar.

Şeýle kitaplaryň birden ýörgünli bolmagynda amaly-haşam sungatynyň psihoterapewtleriniň hem täsirli roly bar. Olar öz geňeşçilik hyzmatyny edýän adamlaryna şeýle kitaplary satyn almagy ündeýärler.

Ulular üçin reňkleme kitaplary uly adamlara çagalaryň dünýäsine aralaşmaga we özlerini çagalyk ýyllaryndaky ýaly özlerini idegli hem gözegçilik astynda duýmaga kömek edýär.

Reňkleri saýlamagyň, suratyň haýsy ýerlerini reňkläp, haýsy ýerlerini reňklemän goýmagyň öz ygtyýaryna berilmegi olarda özüne bolan ynamy ösdürýär.

Kitap dükanlary bolsa gündelik gelýän muşdaklaryň adaty kitaplardan ulular üçin reňkleme kitaplary has köp satyn alýandygyny aýan edýärler.

XS
SM
MD
LG