Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kabula 30 ýurduň wekili bardy


Owganystanyň prezidenti Aşraf Gani.
Owganystanyň prezidenti Aşraf Gani.

Dünýäniň 30-dan gowrak ýurdunyň we 40-dan gowrak halkara guramasynyň wekilleri Owganystanyň gelejegini maslahat etmek üçin owgan paýtagty Kabulda duşuşdylar.

3-nji sentýabrda Owganystan boýunça Regional ykdysady hyzmatdaşlyk konferensiýasynyň açylyş dabarasynda owgan daşary işler ministriniň orunbasary Hekmat Halyl Karzaý çykyş edip, ol iki gün dowam etjekde konferensiýada Owganystanda 40 ýyla golaý wagt dowam eden konfliktiň yzýany ýurdy gaýtadan dikeltmek boýunça edilmeli meselelere garalar diýdi.

Berk howpsuzlyk çäreleri astynda geçirilýän bu çärä prezident Aşraf Ganiniň we owgan hökümetiniň baş ýerine ýetirijisi Abdullah Abdullahyň hem gatnaşmagyna garaşylýar.

Konferensiýa gatnaşýan daşary ýurt delegatlaryň arasynda Eýranyň içeri işler ministri Abdolreza Rahmani Fazli we Pakistanyň Milli howpsuzlyk boýunça maslahatçysy Sartaj Aziz dagylar bar.

XS
SM
MD
LG