Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Awstriýa müňlerçe migrant girýär


Awstriýanyň polisiýasy 5-nji sentýabrda ýurda 4 müňden gowrak migrantyň gelip girendigini aýdýar, olar wenger hökümetiniň birden onlarça awtobus bermegi netijesinde uzak ýol aşdylar.

Häzirki pursatda Wengriýadan Awstriýa gelip girýän migrantlaryň umumy sany 10 müň adama çenli ýeter diýip, Awstriýanyň Içeri işler ministrligi aýtdy.

Awstriýa Germaniýa bilen gelenleri serhetden geçirmek barada ylalaşandygyny aýdýar. Wengriýa migrantlary birnäçe gün bäri ýoldan saklaýardy, ýagny özüniň olary hasaba almalydygyny aýdýardy.

Awtobuslar 4-nji sentýabr güni giçlik, Budapeştiň Keleti otly stansiýasynda berlip başlandy. Bu ýeri bosgunlaryň wagtlaýyn lagerine öwrülipdi.

XS
SM
MD
LG