Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjigistan howpsuzlygy berkidýär


Täjik häkimiýetleri Duşenbäniň gündogaryndaky Romit jülgesine, 4-nji sentýabrdaky hüjümleriň lideriniň we onuň toparynyň gizlenendir öýdülýän ýerlerine goşmaça güýçleri ýerleşdirendigini aýdýar.

5-nji sentýabr güni irden Romit jülgesine 150 sany goşmaça harby ýerleşdirildi diýip, Azatlygyň Täjik gullugynyň habarçylary wakanyň bolýan ýerinden habar berdiler.

Hökümet 4-nj sentýabrdaky hüjümleri ýurduň goranmak ministriniň orunbasaryndan görýär.

Içeri işler ministrliginiň websaýtynda goranmak ministriniň orunbasary, Hoji Halim diýip tanalýan Abduhalim Nazarzodanyň ýolbaşçylygyndaky «terrorçy topar» Wahdat etrabynda daňdanlar polisiýa bölümine hüjüm etdi, biraz soň bolsa Duşenbäniň Halkara aeroportunyň golaýynda howpsuzlyk güýçleri bilen çaknyşdy diýilýär.

XS
SM
MD
LG