Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrain gepleşiklerinde 'progres gazanyldy'


Germaniýanyň daşary işler ministri Frank-Walter Steýnmeýer gündogar Ukrainadaky konflikti ýatyrmaga tarap «düýpli progres» gazanyldy diýdi.

Ol Berlinde 12-nji sentýabrda rus, ukrain, fransuz kärdeşleri bilen duşuşykdan soň çykyp gürläp, ministrleriň käbir aýgytly meselelerde öňe süýşendiklerini habar berdi.

Steýnmeýer basym ukrain hökümet güýçleriniň we Orsýet tarapyndan goldanylýan separatistleriň front liniýasyndaky ýaraglary yzyna çekmek barada ylalaşyga gelmegine umyt baglady.

Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow pitneçileriň elindäki ýerlerde ýerli saýlawlary geçirmek meselesinde başga-başga pikirleriň saklanyp galandygyny, emma umuman ylalaşyga gelinmek mümkinçiligi barada pikir dörändigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG