Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetde ýerli saýlaw geçirilýär


Rus saýlawçylary ýerli saýlawlarda ses bermäge başladylar, emma liberal oppozisiýanyň esasan öňüniň baglanmagyna hem-de Kreml goldawyndaky kandidatlaryň agdyklyk etmegine garaşylýar.

13-nji sentýabrda geçýän ýerli saýlawlara jemi 59 million adam, ýurduň ilatynyň ýarysyna golaýy gatnaşmaga hakly.

90 müňden gowrak kanun orunlaryna, 130 regional edarasyna, 21 sany region gubernatorlygyna we ýüzlerçe şäher häkimligi wezipelerine kandidatlar seçilmeli.

Saýlaw häkimiýetleri Kaluga, Magadan, Nowosibirsk regionlarynda oppozisiýa kandidatlarynyň bäsleşige gatnaşmagyny, tehniki sebäplere salgylanyp, gadagan etdiler.

Oppozisiýa munuň kandidatlaryň öňüni baglamak üçin bahanadygyny we syýasy sebäpli edilen işdigini aýdýar.

XS
SM
MD
LG