Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Balkanlar: Migrantlar üçin ýol ýapylýar


Migrantlar Dugo Selo demirýol stansiýasynda awtobusa münýärler, Horwatiýa, 17-nji sentýabr, 2015.
Migrantlar Dugo Selo demirýol stansiýasynda awtobusa münýärler, Horwatiýa, 17-nji sentýabr, 2015.

Balkanlaryň häkimiýetleri migrantlar akymyny saklamaga we demirgazyk Ýewropa tarap ýollar ýapylýança öz ýurtlaryna baran müňlerçe adam bilen bagly meseleleri çözmäge synanyşýarlar.

Ýewropanyň migrant krizisiniň soňky gyzgyn nokadyna öwrülen Ýewropa Bileleşiginiň agzasy Horwatiýa bileleşigiň agzasy bolmadyk Serbiýa bilen öz serhedini ýapdy. Bu ýerden köp sanly Siriýaly bosgun gündogar Ýewropa aşmaga synanyşýar.

Şol bir wagtda-da Wengriýa ýakynda gündogar serhedinde, şol sanada Horwatiýa we Sloweniýa bilen serhetlerinde diken haýatlaryny ýaýbaňlandyrmak işine başlady we Horwatiýa bilen esasy demirýol hem garaýol gatnawyny çäklendirdi.

Horwatiýanyň Içeri işler ministrligi Serbiýa bilen serhetdäki sekiz sany geçelgesinden ýedisini ýapandygyny 17-nji sentýabrda yglan etdi.

XS
SM
MD
LG