Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kerri Assad gitmeli diýýär


Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Jon Kerri Siriýanyň prezidenti Başar al-Assad iş başyndan gitmeli, emma munuň wagty gepleşikler arkaly maslahatlaşylyp biler diýdi.

Kerri 19-njy sentýabrda, Londonda Britaniýanyň daşary işler sekretary Filip Hammond bilen geçiren gepleşiklerinden soň çykyp gepledi.

Ol Orsýeti we Eýrany öz täsirlerini ulanmaga hem-de Assady gepleşige yrmaga çagyrdy.

Ol dört ýyllyk graždan urşuny we Siriýanyň barha ýaramazlaşýan bosgun krizisini soňlamak üçin syýasy çözgüt tapmak tagallalaryny täzelemegiň zerurdygyny nygtady.

XS
SM
MD
LG