Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

'Talybanyň' lideri: Daşary ýurtly goşunlar gitsin


“Talybanyň” täze lideri Ahtar Mohammad Mansur
“Talybanyň” täze lideri Ahtar Mohammad Mansur

“Talybanyň” täze lideri ähli halkara goşunlarynyň Owganystany terk etmeginden soň ýurtda parahatçylygyň ornaşjakdygyny aýtdy.

Şeýle-de Molla Ahtar Mansur Kabulyň hökümetiniň we beýleki ýurtlaryň arasyndaky ähli harby we howpsuzlyk ylalaşyklarynyň ýatyrylmalydygyny aýtdy.
Molla Mansur bu barada Gurban baýramynyň öňüsyrasynda 22-nji sentýabrda ýaýradan beýannamasynda aýtdy.

NATO 2014-nji ýylyň aýagynda Owganystanda ähli söweş çärelerini jemledi we öz goşunlarynyň aglaba bölegini ýurtdan çykardy. Emma birnäçe müň harby Owganystanda galýar we owgan goşunyny türgenleşdirýär.

Şeýle-de Molla Mansur “Talybany” bütewülige we guramanyň düzümindäki agzalalyk baradaky maglumatlara üns bermezlige çagyrdy.

Molla Mansur iýul aýynda Owganystanyň aňtaw gulluklarynyň Molla Mohammad Omaryň ölümi barada maglumat bermeginiň yzýany “Talybanyň” ýolbaşçysy edilip gyssagly bellenipdi.

XS
SM
MD
LG