Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prezident ÝB-ni agzybirlige çagyrýar


Donald Tusk
Donald Tusk

Ýewropa Geňeşiniň prezidenti Donald Tusk Ýewropa Bileleşiginiň 28 agza döwletiniň ýolbaşçylaryny, birleşigiň bu meselä bagyşlanan adatdan daşary duşuşygynyň öňüsyrasynda, migrant krizisini çözmek meselesinde birleşige çagyrdy.

Tusk Ýewropa Bileleşigi ýurtlarynyň ählisiniň prezidentlerine we premýer-ministrlerine ýüzlenip ýazan hatynda “biziň bir-biregi günäläp biljek meselelerimiziň sanawy uzyn, emma bu bize umumy çözgüt tapmaklyga kömek etmez» diýdi.

Tuskuň bu bellikleri Ýewropa Bileleşiginiň liderleriniň Brýusselde, 23-nji sentýabr güni giçlik başlanjak adatdan daşary duşuşygynyň öň ýanyndan aýdyldy. Ol duşuşykda häzir Gresiýada, Italiýada toplanan 120 müň migranty ÝB-niň beýleki ýurtlaryna paýlamak we bu krizisiň ýüküni deň çeker ýaly etmek üçin düzülen plana jemleýji tassyknama berilmeli.

Şeýle-de, sammitiň liderleriniň ÝB-niň daşky serhetlerinde howpsuzlygy berkitmek we gaçybatalga talaplary ret edilen migrantlaryň öz dogduk mekanlaryna gyssagly iberilmegini üpjün etmek meselelerine seretmeklerine garaşylýar.

Mundanam başga, ÝB liderleri, BMG-niň gulluklarynyň Türkiýedäki, Liwandaky, Iordaniýadaky bosgun lagerlerinde mydar edýän migrantlara berilýän kömegi güýçlendirip, siriýaly bosgunlaryň Ýewropa tarap akmagyny azaltmagyň ýollary barada maslahat etmeli. Türkiýe häzir öz ýurdundan gaçan 4 million siriýalynyň ýarysyndan gowragyny öz topragynda saklaýar.

Brýusseldäki sammit ÝB-niň içeri işler ministrleri häzir Gresiýada we Italiýada ýerleşýän 120 çemesi migranty agza döwletleriň beýleki 23-sinde gaýtadan ýerleşdirmek meselesine köplük bolup ses berenlerinden bir gün soň geçirilýär.

Gaýtadan ýerleşdirmek plany Siriýadan, Yrakdan, Eritreadan gelen bosgunlary ilkinji nobatda tutýar we bu ýagdaý ÝB bilen Ýewropanyň dört merkezi ýurdunyň arasynda çuň bölünişik döretdi. Ýagny ol dört ýurt 21-nji sentýabrda içeri işler ministrleriniň duşuşygnda bu plana garşy ses berdi.

Çeh prezidenti Milos Zeman 21-nji sentýabrda munuň nähili ýalňyş bolandygyny diňe geljek görkezer diýdi.

Slowak premýer-ministri Robert Fiso özi wezipesinde galsa, bu kwotany hiç wagt durmuşa geçirmejegini aýtdy.

Wengriýa bilen Rumyniýa hem migrantlary gaýtadan ýerleşdirmek shemasyna garşy ses berdi.

Emma muňa garamazdan, 21-nji sentýabrda geçirilen duşuşygy alyp baryjy, Lýuksemburgyň daşary işler ministri Jean Asselborn hatda garşy bolan döwletleriň hem bu talaba boýun bolmagyna garaşýandygyny aýtdy.

ÝB-niň köplük tarapyndan tassyklanan planyny ýerine ýetirmekden ýüz öwren islendik hökümeti, ÝB-niň kanunlaryny berjaý etmändigi üçin, maliýe jerimesini tölemeli bolar.

Indi Ýewropa Bileleşiginiň premýer-ministrleri migrantlary gaýtadan ýerleşdirmek planyny tassyklamak üçin duşuşýarlar. Käbir liderler bileleşigiň migrant krizisini çözüşi boýunça öz pikir-garaýyşlaryny öňe sürjege meňzeýär.

Wengriýanyň premýer-ministri Wiktor Orban ÝB-niň 28 döwletiniň her biriniň öz Bileleşik girdejisiniň 1 prosentini, şeýle-de muňa öz 1 prosent goşandyny ýörite fondlara geçirmegini, ol serişde bilen Siriýanyň goňşy ýurtlaryndaky bosgun lagerleriniň şertlerini ýokarlandyrmagy teklip eder öýdülýär.

Şeýle-de ol, Wengriýanyň Serbiýa bilen serhedini tikenli sim bilen berkitmegini nusga edip, ÝB-niň daşky serhetlerini berkitmegi öňe sürer öýdülýär.

Angliýa, bosgunlary gaýtadan ýerleşdirmek planyna goşulmazlyk hukugyny ulanyp, gelýän bäş ýylda 20 müň siriýalyny Ýakyn Gündogardaky lagerlerden göni alyp, gaýtadan ýerleşdirmek boýunça özüniň alternatiw planyny işläp düzdi.

ÝB sammiti bileleşigiň şu ýyl Ýewropa deňiz arkaly gelen 500 müňden gowrak migranta hötde gelmek ugrunda görülýän soňky tagallalaryň biridir. Ýewropa gelýänleriň köpüsi Siriýadaky, Yrakdaky we Owganystandaky uruş-gowgadan we konfliktlerden gaçan adamlardyr.

Häzirki pursatda Ýewropa günde 6 müňe golaý migrant gelip girýär diýip hasaplanylýar.

Iňlisçeden terjime eden Ýowşan Annagurban.

XS
SM
MD
LG