Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Müsür "Al-Jazeera" žurnalistlerini azat etdi


Müsürde türmä basylan iki «Al-Jazeera» žurnalisti, prezident Abdul Fattah al-Sisiniň günä günä geçmesi esasynda, azatlyga çykdy.

Kanadaly Mohamed Fahmi we müsürli Baher Muhamad 23-nji sentýabrda günäsi geçilen 100 tussagyň arasynda türmeden boşadyldy.

Döwlet mediasy bu iş bilen bagly üçünji adamyň hem günäsiniň geçilendigini aýtdy, emma onuň awstraliýaly Piter Grestedigi anyk bolmady.

Piter Greste fewralda prezident karary esasynda deportasiýa edilipdi. Bu üç žurnalist geçen aý rugsatsyz işlemek we Müsüre zyýanly materiallary ýaýratmak aýyplamasy esasynda üç ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi.

XS
SM
MD
LG