Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Janyndan geçen özbegiň ömrüniň soňky pursady


Janyndan geçen ýaş özbek ýigidi.
Janyndan geçen ýaş özbek ýigidi.

“Talyban” hereketi janyndan geçen bir özbegiň ömrüniň soňky pursadyny görkezýän wideo ýaýratdy.

Siriýaniň Idlib welaýatynda bolup geçýän uruşlar bilen baglanyşykly bir wideo internetde goýlupdyr. Azatlyk Radiosynyň özbek gullugynyň habar bermegine görä, ol wideoda asly özbek bolan bir ýaş ýigidiň janyndan geçip etjek hüjüminiň öňüsyrasynda gorkudan nähili aglaýandygy görkezilýär.

"Jafar al-Taýýar" diýen lakamy alan ol ýaş ýigit aýan edilmegine görä janyndan geçip özüni sowutly harby ulagyň (BTR) içinde partladypdyr.

Söweşijiler bilen hoşlaşýar

Wideo 18-nji sentýabrda “Talybana” wepalylyk kasamyny eden "Ymam Buhari" atly topar tarapyndan internede goýlupdyr. Wideoda şaýylaryň aglaba köpçülik bolup ýaşaýan Fua atly şäherine janyndan geçenler tarapyndan gurnalýan hüjümleriň pursatlary surata düşürilipdir.

"Jafar al-Taýýar" diýen lakamy alan ýaş özbek ýigidi.
"Jafar al-Taýýar" diýen lakamy alan ýaş özbek ýigidi.

Aýdylşyna görä, ilkinji hüjüm janyndan geçen "Mawerannahrly hüjümçi Jafar al-Taýýar" tarapyndan gurnalypdyr. Wideoda 17-20 ýaşlaryndaky ýaş oglanyň gaty gorkýandygy görnüp dur. Ol bombadan doldurylan sowutly BTR kysymly harby ulaga münmezden owal töweregindäki söweşijiler bilen hoşlaşýar. Azatlyk Radiosynyň özbek gullugyna pida bolan ol oglanyň şahsy maglumatlaryny anyklamak başartmandyr.

Gorky

Jafar bombadan doldurylan sowutly ulagda aljyraňňyly ýagdaýda otyrka ýanyndaky söweşijiler oňa göwünlik berýärler. Olardan biri özbek dilinde gepleýär we şol bir wagtyň özünde hem bolup geçýän wakany wideo kamera bilen surata düşürýär.

Jafar öz gezeginde aglap şeýle gürleýär: "Men şeýtandan gorkamok. Diňe göz öňümde tutan maksadyma ýetip bilmerin öýdüp gorkýaryn!".

Wideonyň soňky minudynda Jafaryň sürüp barýan BTR kysymly sowutly harby ulagynyň duşmanlaryň tarapyndaky jaýy süsüp partlandygy, Jafaryň bolsa şeýlelik-de şehit mertebesine ýetendigi gürrüň berilýär.

Ol ýaş ýigidiň, soňky hepdelerde Fua atly şäherde uruşýan "Ymam Buhari" atly toparyň hataryndaky janyndan geçen hüjümçilerden biri bolup durýandygy çak edilýär.

XS
SM
MD
LG