Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG: YD Owganystanda ornaşýar


BMG-niň 25-nji sentýabrda çap eden maglumatyna görä, «Yslam döwleti» jeňçi topary Owganystanda ornaşýar.

Hasabatda «Yslam döwleti» toparynyň Owganystandaky tarapdarlarynyň köpelýändigi, ýurduň 34 welaýatynyň 25-sinde bu topara eýerijileriň toplanylýandygy aýdylýar.

«Owganystanyň bir topar welaýatynda bu topara ygrarlydyklaryny ýa-da «Yslam döwletine» simpatiýalaryny açyk jar edýän toparlaryň hem adamlaryň sanynyň köpelmegi dowam edýär» diýip, hasabatda aýdylýar.

Şeýle-de hasabatda YD jeňçisi Abdul Rauf Hademiň ady getirilýär, ol ozal talyban lideri Molla Mohammad Omaryň geňeşçisi bolan adam.

Abdul Rauf Hademiň Helmand we Farah welaýatlarynda öz toparyny döredendigi aýdylýar.

XS
SM
MD
LG