Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet, Estoniýa 'içaly' çalyşýar


Rus mediasy, Orsýetiň Federal howpsuzlyk gullugyna salgylanyp, Estoniýanyň howpsuzlyk ofiseri Eston Kohweriň Orsýetiň haýryna içalyçylyk etmekde aýyplanan ozalky eston ofiseri Alekseý Dressen bilen çalşylandygyny aýdýar.

Kohwer golaýda Orsýetde, ýapyk sudda 15 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi. Ol rus serhedinden bikanun geçmekde we içalyçylykda aýyplandy.

Estoniýa bu aýyplamalary ret edip, onuň Orsýete ogurlanyp äkidilendigini öňe sürdi.

Dressen bolsa 2012-nji ýylyň fewralynda, Orsýetiň haýryna içalyçylyk etmekde güman edilip tutulypdy we dönüklikde aýyplanyp, 16 ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi.

XS
SM
MD
LG