Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bakuwda žurnalistiň öýi döküldi


Bakuwda polisiýa Azat Ýewropa/Azatlyk radiosynyň Azerbaýjan gullugy bilen hyzmatdaşlyk edýän žurnalistiň öýüni dökdi.

26-njy sentýabrda Yslam Şihaliniň kireýine alan kwartirasynyň dökülmegi, öý dökmek baradaky buýrukda görkezilmegine görä, salgytdan gaçmak aýyplamasy bilen bagly.

Şihaliniň noutbugy, wideokamerasy, mikrofony, mobil telefony, ähli bank çekleri, şahsy dokumentleri konfiskasiýa edildi.

Biraz soň žurnalistiň pasportundan beýleki şahsy dokumentleri gaýtarylyp berildi.

Öý dökülen mahaly Şihaly kwartirasynda däl eken, onsoň onuň otagdaşy Orhan Rustamzade prokuratura alnyp gidildi we iki sagada çenli sorag edildi.

Rustamzada azat edildi we ondan Şihala 28-nji sentýabrda prokuratura soraga çagyrylýandygyny aýtmak soraldy.

XS
SM
MD
LG