Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Italiýalynyň ölümine 'YD' jogapkär diýilýär


“Yslam döwleti” topary Bangladeşiň paýtagty Dhakada Italiýanyň raýatynyň öldürilmegiň jogapkärçiligini öz üstüne aldy, diýip bu yslamçy topar bilen bagly maglumatlary öwrenýän aňtaw topary habar berdi.

Polisiýa şahsyýeti anyklanmadyk motorly üç hüjümçiniň Italiýanyň raýaty Tawella Sesareni 28-nji sentýabrda atyp öldürendigini habar beripdi.

50 ýaşly Sesare düýbi Gollandiýada ýerleşýän hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça iş alyp barýan hökümete degişli bolmadyk guramada işleýärdi.

“YD” guramasynyň öz “howpsuzlyk toparynyň” Sesareni öldürendigini habar berýän beýannamasy ABŞ-da ýerleşýän SITE atly aňtaw gullugynyň websaýtynda çap edildi.

160 million ilatly Bagladeşiň 90%-ni musulmanlar emele getirýärler.

XS
SM
MD
LG