Amerikan harbylary öten agşam demirgazyk Owganystanyň Gunduz şäherinde, howpsuzlyk güýçleriniň şäheri yslamçy jeňçilerden yzyna almak üçin söweşýän ýerinde "Talybana" garşy howa zarbalaryny urandyklaryny aýdýarlar.
Howa zarbalary 29-njy sentýabrda «Talybana» garşy garşylykly hüjüme başlan owgan howpsuzlyk güýçleri bilen ylalaşyldy.
Gunduz welaýatyndaky howpsuzlyk şertleri barada Azatlyk Radiosynyň Kabuldaky habarçysy Şaýymerdanguly Myrady maglumat taýýarlady.