Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hajda 464 eýranly ölendir öýdülýär


Eýran haj basa-baslygynda ölen eýranlylaryň sanyny tas iki essä golaý köpeltdi, ýagny zyýarat betbagtçylygynda ýitenleriň tapylmak umydynyň azdygyny aýtdy.

"Betbagtçylykly hadysadan ýedi gün soň ýaralanan zyýaratçylaryň ählisiniň durumy açyk kesgitlendi we hasabat berildi» diýip, Eýranyň haj guramasynyň 1-nji oktýabrda döwlet telewideniýesinde berlen beýanatynda aýdylýar.

Ol beýanatda aýdylmagyna görä, 24-nji sentýabrda Mekgäniň golaýynda bolan haj basa-baslygynda 464 eýranly ölendir diýip güman edilýär.

Saud resmileri bu betbagtçylykda ölenleriň sanynyň 769 bolandygyny aýtdylar.

XS
SM
MD
LG