Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"YD" 2000 ýyllyk ýadygärligi ýok etdi


Palmira şäheriniň 2000 ýyllyk taryhly arkasy, Siriýa
Palmira şäheriniň 2000 ýyllyk taryhly arkasy, Siriýa

Siriýanyň aktiwistleri “Yslam döwleti” toparynyň Palmira şäherinde 2000 ýyllyk taryhly arkany ýumurandygyny habar berdi.

“YD” toparynyň Siriýada we Yrakda öz gözegçiligindäki giňişliklerde ýok eden bu nobatdaky taryhy ýadygärligi bolan Ýeňiş dabarasynyň arkasy Palmiranyň iň meşhur ýadygärlikleriniň biridi.

“YD” topary şäheri maý aýynda basyp aldy.

Siriýada adam hukuklaryna gözegçilik boýunça topar söweşijileriň ýadygärligiň diwarlaryndaky nagyşlary yslama garşy diýip hasap edendiklerini we şu sebäpden ony ýumurandyklaryny aýdýar.

4-nji oktýabrda ýok edilen arka gadymy Rim we Pars imperiýalaryna degişli döwrüň diňli köçeleriniň başynda ýerleşýärdi.

XS
SM
MD
LG