Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet Ukraina bilen eglişige gitmeýär


Moskwa Ukrainanyň bergisi babatda eglişige gitmez diýip, Orsýetiň maliýe ministri Anton Silýuanow 9-njy oktýabrda Ukrainanyň maliýe ministri Natalia Ýaresko bilen duşuşanda aýtdy.

Silýuanow Orsýetiň dekabrda Kiýewiň Moskwa 2013-nji ýylyň aýagynda, Ukrainanyň öňki prezidenti Wiktor Ýanukowiç iş başyndaka satan 3 milliard dollarlyk ýewro obligasiýasyny doly tölemegini talap etjegini aýtdy.

«Biziň pozisiýamyz berk, eglişik bolmaz. Elbetde, duşuşmak, gepleşmek gerek, bu hemişe dogry we peýdaly» diýip, Silýuanow Halkara Pul fondunyň Limada, Peruda geçýän duşuşygynyň çäginde žurnalistlere aýtdy.

XS
SM
MD
LG