Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan 10-njy oktýabrda Ankarada bolan partlamalardan soň Türkmenistana planlaşdyrylan resmi saparyny goýbolsun etdi diýip, «Roýters» habar gullugy prezident edarasyndaky çeşmä salgylanyp habar berýär.
Aýdylmagyna görä, ol duşenbe güni Türkmenistanda Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň döwlet baştutanlary bilen sammite gatnaşmaly eken.
Türkiýe 11-nji oktýabrda, paýtagt Ankaradaky parahat ýörişde azyndan 95 adamy öldüren goşa partlamadan soň, üç günlük ýasa başlaýar.
Hökümet bu hadysany “terror akty» diýip atlandyrdy we onda ölenlerden başga 245 adamyň ýaraly bolandygyny, olaryň 48-siniň ýagdaýynyň agyrdygyny aýtdy.