Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetde iki türkmen raýaty neşeli tutuldy


Orsýetde Türkmenistanyň iki raýaty neşe bilen tutuldy. Orsýetiň Neşä gözegçilik boýunça federal gullugynyň Wadimirskaýa oblast boýunça edarasynyň resmi maglumatyna görä, 48 we 41 ýaşly iki dogan geroin satmaga synanyşanda ele salnypdyr.

Türkmenistanyň bu iki raýatynyň operatiw-gözleg işleriniň netijesinde polisiýanyň gözüne düşendigi, olaryň Wladimir şäherinde geroin söwdasy bilen meşgullanmakda güman edilýändigi habar berilýär. Türkmenistanlylaryň tutulan ýerinde 28 gramm geroiniň tapylandygy aýdylýar.

Olaryň birine garşy uly möçberde neşe serişdelerini bikanun saklamak bilen bagly aýyplamalar ýöňkelýär (Orsýetiň Jenaýat Kodeksiniň 228-nji maddasynyň 2-nji bölegi). Bu madda 10 ýyl möhlete çenli türme tussaglygyny göz öňünde tutýar.

XS
SM
MD
LG