Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

'Talyban' Gazni şäherine hüjüm etdi


Owganystanyň Gazni şäheri, 2015
Owganystanyň Gazni şäheri, 2015

Owganystanyň gündogarynda söweşler 12-nji oktýabrda güýçlendi. “Talybanyň” söweşijileri Gunduz şäherini gysga wagtyň içinde ele salmagyndan iki hepde geçensoň regionyň welaýat paýtagtynyň ýene birini eýelemek howpuny döretdiler.

Kabuldan 130 kilometr uzaklykda ýerleşýän Gazni şäherini eýelemek boýunça edilen synanyşyga owgan güýçleri garşy durdular. Emma bu ýagdaý ýurduň esasan günortasynda ýerleşýän söweşijileriň öz täsirini ýaýbaňlandyrmagynyň ähtimallygy bilen bagly aladalanmalary güýçlendirdi.

“Şu gün irden ‘Talybanyň’ 2000 çemesi söweşijisi Gaznä ençeme ugurdan hüjümleri amala aşyrdylar’ diýip welaýatyň häkiminiň orunbasary Mohammad Ali Ahmadi aýtdy.

XS
SM
MD
LG