Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gollandiýa: MH17-ni Ukrainadan atylan Buk ýykdy


Malaýziýanyň howaýollaryna degişli "MH17" belgili uçaryň galyndylary.
Malaýziýanyň howaýollaryna degişli "MH17" belgili uçaryň galyndylary.

Gollandiýanyň howa heläkçiliklerini derňeýän sülçüleri Malaýziýanyň “MH17” nomerli uçarynyň Russiýada öndürilen we gündogar Ukrainanyň territoriýasyndan atylan ”Buk” raketasy bilen urlup ýykylandygyny aýdýarlar. Maglumatda raketanyň gürrüňi edilýän uçaryň çep tarapyndan urup partlandygy habar berilýär.

13-nji oktýabrda Niderlandlaryň günortasyndaky harby bazada geçirilen metbugat konferensiýasynda çykyş eden sülçüler konfliktli zonadan uçýan howaýollary bu territoriýanyň howpludygyny ykrar etmeli, emma şol döwürde gündogar Ukrainanyň üstünden uçýan 61 howaýollary kompaniýalarynyň hiç biri hem bu töwekgelçilikden habarly däl eken diýdiler.

Buk ýer-howa raketa sistemasy.
Buk ýer-howa raketa sistemasy.

Malaýziýanyň “MH17” nomerli uçary geçen ýylyň 17-nji iýulynda ukrain güýçleri bilen Russiýa tarapdar separatistleriň arasynda bolan güýçli çaknyşyklar döwründe pitneçileriň kontrollygyndaky gündogar Ukrainada heläkçilige uçrady. Malaýziýanyň howaýollary kompaniýasyna degişli bu uçar şonda Amsterdamdan Kuala Lumpura adaty uçuşy amala aşyrýardy. Heläkçiligiň netijesinde uçaryň bortundaky 298 adamyň hemmesi wepat boldy.

Mälim edilmeli netijeler

13-nji oktýabrda Gollandiýanyň Howpsuzlyk boýunça geňeşi uçardaky ýolagçylaryň dogan-garyndaşlaryna ýüzlenip, raketa uçary uranda ondaky ýolagçylaryň ählisiniň huşundan gidendigini aýtdy.

Şeýle-de sülçüler ýolagçylaryň dogan-garyndaşlaryna uçaryň ”Buk” raketasy bilen atylyp urlandygyny aýtdylar, emma onuň takyk haýsy ýerden atylandygyny mälim etmediler.

Gollandiýanyň Howpsuzlyk boýunça geňeşiniň 15 aý dowam eden derňewleriniň netijesinde agzalýan uçaryň howada dargamagyna getiren sebäpleriň we onuň konfliktli regionyň howa giňişliginden uçmagynyň sebäpleriniň aýan edilmegine garaşylýardy.

Şeýle-de, bu derňewleriň netijesinde uçar heläkçiliginiň soňky pursatlarynda ýolagçylaryň we ekipažyň uçarda nämäniň bolup geçýändigi barada näderejede habarly bolandygy, käbir ýolagçylaryň ýakynlarynyň öz dogan-garyndaşlarynyň uçarda bolandygy barada resmi maglumat almak üçin näme sebäpden dört gün garaşmaly bolandyklary hakynda maglumat berilmelidi.

Rus kompaniýasynyň raporty

Gollandiýanyň Howpsuzlyk boýunça geňeşiniň sülçüleri öz raportyny ýaýratmazdan sanlyja sagat ozal, Russiýanyň döwlet kontrollygyndaky “Almaz-Anteý” kompaniýasy “MH17” uçarynyň heläkçilige uçramagy barada öz hasabatyny çap etdi.

“Almaz-Anteý” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Ýan Nowikow 13-nji oktýabrda Moskwada geçirilen metbugat konferensiýasynda çykyş etdi. Ol öz çykyşynda kompaniýanyň geçiren barlaglarynyň netijeleri raketanyň atylan ýeriniň we onuň görnüşiniň gollandiýaly sülçüleriň berýän maglumatyndan tapawutlydygyny görkezýär diýdi.

Şol bir wagtda Nowikow Gollandiýanyň sülçüleriniň öýländen soň ýaýradan raportynda nähili maglumatyň bardygy ýa ýokdugy hakynda nädip öňünden bilýandigi ýa-da oňa hasabatyň öňünden berlip-berilmändigi barada hiç zat aýtmady.

Nowikow metbugata beren maglumatynda öz kompaniýasynyň derňewleriniň “eger Malaýziýanyň howaýollaryna degişli “Boeing 777” nomerli uçary ”Buk” raketa-atyjy sistemasy tarapyndan urlup ýykylan bolsa, onda ol raketanyň Zaroşçenke sebitinden (Ukrainanyň Donetsk regiony) atylandygyny” görkezýär diýdi.

XS
SM
MD
LG