Garaşsyz Döwletler Arkalaşygy (GDA) ýurtlarynyň liderleri 17 ylalaşyga, şol sanda halkara terrorizme garşy göreş we 2020-nji ýyla çenli harby hyzmatdaşlyk barada ylalaşyklara gol çekdiler.
Bu dokumentlere 16-njy oktýabrda Gazagystanyň Burabaý obasynda Ermenistanyň, Azerbaýjanyň, Belarusyň, Gyrgyzystanyň, Orsýetiň, Täjigistanyň we Özbegistanyň liderleriniň gatnaşmagyndaky sammitde gol çekilendigi, Moldowanyň, Türkmenistanyň we Ukrainanyň wekilleriniň duşuşyga synçy hökmünde gatnaşandygy habar berildi.
Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin ýakyn harby hyzmatdaşlygyň zerurdygyny sebäbi Owganystandaky «ýagdaýyň kritiki derejä golaý» diýdi. Onuň sözlerine görä, harby hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk howpa «sazlaşykly jogap» bolar.
GDA liderleri indiki duşuşygyny 2016-njy ýylyň 16-njy sentýabrda geçirmek barada ylalaşdylar.
Вакцинаны Хытай довлетинден алан болсалар говы боларды ,Турк доганларымыздан горелде алып ,шонда ялнышмарыс! Тебигы газымыз бн хасаплашып хем билердик! Хер бир затда Кремльин межбур эдени билен ,оларын диенини эдибермелими , онсузам 30(отуз) йыл туркмен халкыны косап гелйарлер,ягны олары адам хасабында гормани!