Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"YD" çagalary urşa taýýarlaýar


Abu Aiýşa al-Kazahiniň wideosyndan bir görnüş.
Abu Aiýşa al-Kazahiniň wideosyndan bir görnüş.

Terrorçylaryň düşelgesinde harby türgenleşikden geçýän intäk on ýaşyna ýetmedik bir çaganyň 34 sekuntlyk wideosyna seredýänleriň depesinden gaýnan suw guýlan ýaly bolýar.

Bu, "YD" toparynyň ors dilli söweşijileriniň çakdanaşalykda elhenç derejä ýetendigini görkezýän subutnamalaryň diňe biridir. Söweşijiler çagalara şeýle elhenç ýagdaýda "goranyşy" öwredýärler.

Çagajyk çitenekli berkitmäniň aşagyndan çykyp barýarka "Allah ekber" diýip gygyrýar. "YD" atly ekstremist toparyň "türgenleşdirijisi" bolsa onuň ýüzüniň birnäçe santimetr bäri ýanyna tüpeň bilen gülleler paýradyp goýberýär.

Bu wideo, 14-nji oktýabrda "YD" toparynyň Abu Aýşa Al-Kazahi atly gazagystanly söweşijisi tarapyndan Feýzsbuk sosýal ulgamdaky sahypasyna goýlupdyr. Wideodaky oglanjygyň boýy, sypady we hereketleri Abu Aýşäniň edil öz ogly Abdurahmanyňky ýaly. Ýöne wideoda oglanjygyň ýüzi açyk-aýdyň görkezilmeýär. Abu Aýşa, Feýzsbuk sosýal ulgamdaky sahypasyna "ony öz oglum hasaplap bilersiňiz" diýen teswirini soň pozup, aýrypdyr.

Soňky birnäçe aýyň dowamynda Abu Aýşa we şol bir wagtyň özünde hem Artýom Andreýew ady bilen tanalýan adam, Abdurahmanyň harby we ideologiýa türgenleşikleri barasynda düşürilen wideolaryny "YD" toparynyň söweşijileriniň "geljek nesillerinden biri" ady astynda internetde ýaýradypdyr.

Abdurahman entek on ýaşyna hem ýetmedik çaga. Ýöne muňa garamazdan onuň harby eginbaşda, "YD" toparynyň şygarlarynyň öňünde dürli ýaraglar ulanýan mahaly düşürilen wideolary görenleri gaty geňirgendirýär. Wideolaryň birinde Abdurahman atly oglanjyk eline sapança alyp, bar güýji bilen gygyryp, "YD"-niň baştutany Abu Bakr Al-Bagdada alkyş aýdýar. Şonuň ýaly-da ol oglanjygyň uýasy ýagny Abu Aýşanyň gyzy bilen bilelikde düşen suratlaram bar. Ol gyzjagaz takmynan on ýaşynda. Oglanjygyň elinde bolsa awçy pyçagyna meňzeýän bir zat bar. Başga bir suratda bolsa Abdurrahman ir-iýmişden ýasalan suwlaryň satylýan ýerinde dur. Ol ýer Mosul bolup biler. Çagajyga harby eginbaş geýdirilipdir we elinde hem sapança bar. Ýöne elindäki sapançanyň oýunjak bolmagy ahmal.

"Yslam döwletiniň" çagalary

"YD"-niň ors dilli söweşijileriniň arasynda "topara wepalylyga nyşana" höküminde öz çagalaryna harby eginbaş geýdirmek ýörgünli bolan ýaly. Ýöne "YD" toparynyň söweşijileriniň sosýal ulgamlardaky öz sahypalarynda görkezýän wideolary hem suratlary has möhüm başga bir ýagdaýa ünsi gönükdirýär. Ene-atalaryň berýän terbiýesi bilen olaryň çagalary hem edil ullakan adamlar ýaly pikir edýärler we göýä ekstremist söweşijiler ýaly uruşýarlar.

Abu Aýşa, Feýzsbuk we Wkontakte sosýal ulgamlarynda alyp barýan birnäçe sahypalarynda berýän gürrüňlerinde, öz oglunyň hut "YD" atly ekstremist toparyň kada-kanunlaryna görä yslam dinine peýdaly şahsyýet bolup kemala gelmegini arzuw edýändigini aýdýar. Abu Aýşa iýun aýynda Wkontakte sosýal ulgamyndaky sahypasynda ýazan we soňam pozulan teswirinde, öz çagalaryny "Yslam we Yslam döwleti" üçin ösdürip, kemala getirjekdigi barasynda kasam içipdir.

Abu Aýşanyň ogluna harby tälim bermek maksady bilen alyp barýan şeýle tagalla hem aladalaryndan daşaryn, diňe bir "YD" toparynyň resmi propagandalary däl, eýse söweşijileriň berýän şahsy maglumatlaram etniki gazaklaryň çagalarynyň hem Siriýa bilen Yrakdaky düşelgelerde harby türgenleşikden geçirilýändigini subut edýär.

Abu Aýşa Al-Kazahiniň geçen aý gazak söweşijileri bolan uly adamlar barada ýaýradan wideosy bolsa, halynyň üstünde oturan gazak çagajyklaryň görkezilmegi bilen tamamlanýar. Şonda oglanjyklardan biri öňe çykyp maşk edýär we beýleki çagalaram ony synlaýarlar.

Bulardan başga-de "YD" topary geçen ýyl gazak çagalarynyň Siriýa bilen Yrakda harby we ideýologiýa türgenleşikleri geçýändigi barasynda wideo ýaýradypdyr. Munyň üstesine Abu Aýşa hem öz ogluny söweşiji bolmagy üçin türgenleşdirýär. Şol bir wagtyň özünde-de, Orta Aziýaly beýleki çagajyklaryň hem "YD" toparynyň söweşijileriniň hatarynda egin-egine berip söweşmegi we ölmegi ündeýär.

Abu Aýşa, Wkontakte sosýal ulgamyndaky sahypasynda çap eden we soň pozulyp, aýrylan maglumatynda, Gyrgyzstandan Yraga aýaly we bäş çagasy bilen bilelikde gelen bir söweşijini taryplap öwýär we onuň 15 ýaşyndaky oglunyň uruşda ölendigini mälim edýär. Abu Aýşa olar barada:

- "Doganlar, Alla üçin öz ogluny pida edýän şeýle kakalara gaty seýrek duş gelinýändir" diýip, ýazypdyr.

Atraudan Mosula Stambulyň üsti bilen

Abu Aýşanyň gürrüň bermegine görä, onuň asly Atrudan. Ol 30 ýaşynda we ol çagalary bilen häzir Mosulda ýaşaýar. Ol o taýda özüne ýene bir aýal gözleýär.

Abu Aýşanyň näçe wagtdan bäri Yragyň "YD" toparynyň eýeçiligindäki ýerde bolýandygy anyk mälim däl. Ýöne onuň suratlaryna we ýazýan maglumatlaryna salgylanylanda, onuň bir ýyldan bäri Mosulda, ondan owalam Siriýada bolandygyny aýtmak mümkin.

Ol, 6-njy sentýabrda Feýzsbuk sosýal ulgamyndaky sahypasynda ýazan maglumatynda, aýaly we çagalary bilen Stambula barandan soň nädip Siriýa gidendigini gürrüň beripdir. Ony ol ýerde "araçy" garşy alypdyr we ony "YD" toparynyň hataryna goşulmak isleýän dürli milletlerden bolan ýene 15 adamyň ýaşaýan jaýyna eltipdir. Ol şeýle-de türk polisiniň ol jaýda barlag geçirendigini, ýöne pasporty bolmaýan diňe bir erkek adamyň tutulyp äkidilendigini ýazypdyr. Ondan soň olar serhetden Siriýa geçipdirler.

XS
SM
MD
LG