Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Drezden: Bosgunlara garşy ýöriş geçirilýär


Polisiýa Germaniýanyň Drezden şäherinde yslama garşy Pegida hereketiniň özüniň döredilmeginiň birinji ýyl dönümini bellemek üçin 19-njy oktýabrda geçirýän ýörişine müňlerçe adamyň gatnaşmagynyň çak edilýändigini aýdýar.

Protestçiler Germaniýanyň onlarça müň we esasan musulman migrant üçin alyp barýan açyk gapylar syýasatyna garşy çykyş edýärler.

Pegida ýagny “Günbataryň yslamlaşmagyna garşy watançy ýewropalylar atly hereket” Ýewropada ýörişleriň ençemesini geçirip, serhet gözegçiligini pugtalandyrmaga we Ýakyn Gündogardan bosgunlaryň akymynyň öňüni almaga çagyrdy.

Germaniýa Türkiýäniň we Balkan ýurtlarynyň üstünden Ýewropa barýan bosgunlaryň barýan esasy ýurdy bolup durýar.

XS
SM
MD
LG