Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Stanekzai: Gunduzyň keselhanasynda 'Talyban' gizlendi


Owganystanyň goranmak ministri Masoom Stanekzai, Kabul, 29-njy sentýabr, 2015
Owganystanyň goranmak ministri Masoom Stanekzai, Kabul, 29-njy sentýabr, 2015

Owganystanyň ýerine ýetiriji goranmak ministri ABŞ-nyň güýçleriniň Gunduz şäherinde bombalan keselhanasynyň “Talybanyň” söweşijileri tarapyndan ulanylandygyny aýtdy.

Masoom Stanekzai “Associated Press” agentligi bilen söhbetdeşliginde “Talybanyň” we belki Pakistanyň gizlin gulluklarynyň wekilleriniň “Serhetsiz Lukmanlar” guramasynyň keselhanasyndan “howpsuz ýer” hökmünde peýdalanandygyny aýtdy.

3-nji oktýabrda amala aşyrylan howa hüjümlerinde azyndan 22 adam öldürilipdi we ençeme adam ýaralanypdy.

Ynsanperwer gurama hüjümleriň bolan wagtynda keselhanada “Talybanyň” söweşijileriniň bolmandygyny aýtdy.

Barak Obama şol hüjümler üçin ötünç sorady.

Gunduz şäheri 28-nji sentýabrda “Talybanyň “eline geçipdi, emma owgan goşuny ABŞ-nyň howa hüjümlerine daýanyp, birnäçe günden soň şäheri öz gözegçiligine alypdy.

XS
SM
MD
LG